Rolls-Royce özüniň ýokary derejeli aksessuarlar hataryny täze küşt toplumy bilen giňeldýär. Bu toplum diňe brendiň resmi awtosalonlarynda we «Private Office» atly butiklerde satylýar. Keramika bilen örtülen alýumin we agaç şpon ýaly iň aňrybaş materiallardan taýýarlanan toplum küşt oýny bilen Rolls-Royce-yň özboluşly awtoulag estetikasyny özünde jemleýär diýip, «Carscoops» ýazýar. Toplumyň özeni deri bilen örtülen tagtasy bolup, ol Rolls-Royce awtoulaglarynyň meşhur «şemally çyzyklaryny» ýatladýar. Onuň esasy aýratynlygy içine ýerleşdirilen magnitlerdir. Bu magnitleriň kömegi bilen, küşti hereket edýän ulagda, meselem, awtoulagyň yzky oturgyjynda ýa-da ýahtada hem oýnap bolýar, mallar goýlan ýerinden hiç hili süýşmeýär. Bu toplum Rolls-Royce-yň ýokary hilli materiallara hem-de özboluşly dizaýn çözgütlerine bolan ygrarlylygyny görkezýär. Toplumyň alýumin detallary we şponirlenen elementleri şol bir agaçdan taýýarlanýar, bu bolsa nagyşlaryň utgaşyklygyny üpjün edýär. Rolls-Royce diňe bir kaşaň awtoulaglary bilen däl, eýsem deri bilen örtülen şampan sandygy ýa-da şahsy ýük toplumlary ýaly eksklýuziw aksessuarlary bilen hem meşhurdyr.