Deezer aýdym-saz striming hyzmatynyň soňky geçiren gözlegine görä, 2025-nji ýylda häzirki wagta çenli platformalara ýüklenen ähli täze aýdymlaryň 18%-i dolulygyna emeli aň tarapyndan döredilen. Bu görkeziji emeli aň tehnologiýasynyň aýdym-saz pudagynda barha köp ulanylýandygyny tassyklaýar. Häzirki wagtda emeli aň tehnologiýalary şeýle bir derejä ýetdi welin, olar pop-aýdymdan başlap elektronik sazlara çenli dürli žanrlarda özbaşdak kompozisiýalary döredip bilýärler. Munuň bilen birlikde diňleýjiler, käwagt, emeli aň tarapyndan döredilen aýdymlary hakyky artistleriň döredenlerinden tapawutlandyryp bilmeýärler. Bu meseläni çözmek üçin görlen çäreleriň biri bolsa, tutuş emeli aň tarapyndan döredilen aýdymlaryň platformanyň teklip edilýän aýdymlar sanawyndan aýrylmagy bolup durýar. Bu «janly däl» mazmunyň ulanyjynyň tejribesine edýän täsirini azaltmaga we hakyky aýdymçylara artykmaçlyk berilmegini üpjün etmäge kömek edýär. Şeýle ugruň ösmegi aýdym-saz jemgyýetçiliginde çynlakaý çekeleşikleri döretdi. Käbirleri täze tehnologiýalary döredijiligi hemmeler üçin elýeterli edýän ýol hökmünde garşy alsa, beýlekiler awtorlyk hukuklary hem-de sazandalygyň geljegi bilen baglanyşykly aladalaryny beýan edýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir