Günorta Koreýanyň Hyundai Motor Group kompaniýasyna degişli bolan Hyundai Mobis atly awtoulag şaýlaryny öndürijisi akkumulýatorlaryň öýjüginiň tutaşmagyndan bäş minut soň, awtomatiki ýagdaýda ýangynyň öňüni alýan tehnologiýanyň döredilendigini mälim etdi. Täze modul diňe bir gyzgynlygyň goňşy öýjüklere geçmeginiň öňüni almak bilen çäklenmän, eýsem termiki partlamanyň (gyzgynlygyň birden ýokarlanyp, ýangynyň çalt ýaýramagynyň) hem öňüni alýar. Bu barada «Electrive» habar berýär. Bu dünýäde ilkinji gezek durmuşa geçirilen çözgüt hökmünde görkezilýär. Ol hem enjamlaýyn (ýangyn söndüriji komponent we gyzgynlyga çydamly gaplama) hem-de programmalaýyn çözgütleri öz içine alýar. Ondaky programma temperaturanyň, basyşyň we naprýaženiýäniň görkezijilerine gözegçilik edýär. Sensorlardan gelen maglumatlara esaslanyp, ulgam akkumulýatoryň esasy ýagdaýyny, ýagny ýylylyk derejesini, naprýaženiýäni we içerki basyşy yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Eger kadadan çykmalar ýüze çyksa, ulgam howp abanýan ýeri kesgitleýär we şol ýer üçin niýetlenen ýangyn söndüriji mehanizmi işjeňleşdirýär. Akkumulýator ulgamynyň düzüminde ýörite ýangyn söndüriji serişdeler bar. Onuň mukdary adaty öý hojalykda ulanylýan 3,3 kilogramlyk ýangyn söndürijiden bäş esse köpdür. Bu reagentiň gyzgynlygy sowatmakda, izolýasiýa etmekde we ot alan ýere çuň aralaşmakda örän ýokary aýratynlyklary bar. Şeýle-de ol tebigata zyýansyz we adam saglygyna howp salmaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir