Kaliforniýada (ABŞ) işläp duran ýeke-täk atom elektrik stansiýasy bolan Diablo Canyon-yň işgärleri tehnologik resminamalary dolandyrmak üçin emeli aňdan peýdalanyp başladylar. Bu çözgüt stansiýanyň 2029-njy ýylda işden çykarylmagyna taýýarlyk görülýän döwri kabul edildi diýip, «Gizmodo» habar berýär. Ýapylmagyna az wagt galandygyna garamazdan, stansiýanyň ýolbaşçylary sanly infrastruktura maýa goýmagy makul bildiler. «Neutron Enterprise» diýlip atlandyrylýan emeli aň Oak Ridge National Laboratory bilen hyzmatdaşlykda döredilen «FERMI» atly modeliň esasynda işlenip düzüldi. Bu neýrotor resminamalaryň gözlegini we seljerilmegini çaltlaşdyrmak üçin niýetlenendir. Ulgam optiki nyşanlary tanamak (OCR) hem-de goşmaça maglumat çykarmak (RAG) ýaly tehnologiýalardan peýdalanýar. Munuň netijesinde, işgärleriň maglumat tapmak üçin sarp edýän wagty ep-esli azalýar. Emma, hakykatda, bu tehnologiýanyň atom stansiýasynyň infrastrukturasyna ornaşdyrylmagy hünärmenleriň we döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda alada döretdi. Olar «maşyn aňynyň tehnologiýalarynyň» heniz doly we giňişleýin synagdan geçmändiginden, şeýle hem onuň hereketlerini öňünden kesgitläp bolmaýandygyndan, bu ýagdaýyň hatda ujypsyz bir säwlikde-de howply netijelere getirip biljekdiginden alada bildirýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir