21-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Gazagystana bardy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Gazagystanyň günortasynda ýerleşýän Türküstan şäheriniň Hazret Sultan halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow Türküstan şäherindäki “Hazret Sultan” milli muzeý-goraghanasyna baryp gördi. Bu ýerde wekiliýet Baştutanlaryny Gazagystanyň Milli ylymlar akademiýasynyň professory garşylap, Türküstan şäheriniň taryhy barada gürrüň berdi. Milli muzeý-goraghanasy bilen tanyşlygyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine baryp gördüler. Aramgähiň içinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň müftüleri Gurhandan aýat okadylar. Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine zyýarat tamamlanandan soňra, iki ýurduň müftüleriniň gatnaşmagynda türkmen we gazak halklarynyň degişli däp-dessurlary ýerine ýetirildi. Aramgähiň töweregindäki meýdança “Hazret Sultan” taryhy-medeni muzeý-goraghanasynyň çägine degişli. Aramgäh orta asyr binagärlik sungatynyň eseridir. Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähi 1385-1405-nji ýyllarda emir Timuryň (Teýmirleňiň) buýrugy boýunça gurlupdyr. Binanyň gurluşygynda öz döwrüniň öňdebaryjy binagärlik çözgütleri ulanylypdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir