“Etnoaul” milli-medeni toplumy bilen tanyşlykdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýew “Turkistan Visit Centre” syýahatçylyk maglumat merkezine bardylar. Syýahatçylyk maglumat merkezinde wekiliýet Baştutanlary Türküstan şäheri barada wideoşekile tomaşa edip, taryhy eksponatlar bilen tanyşdylar. Merkez dürli hyzmatlary, şol sanda gezelençleri we dürli çäreleri guramak boýunça hyzmatlary hödürleýär. Şeýle hem bu ýerde ýerli senetkärleriň taýýarlan sowgatlyk önümlerini satyn almak bolýar. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti “Karavansaray Turkistan” syýahatçylyk toplumyna baryp gördüler. Gündogar ertekisi äheňinde gurlan bu syýahatçylyk toplumynda myhmanlar Türküstanyň taryhy, senetçiligi, medeniýeti we sportyň milli görnüşleri bilen tanşyp bildiler. Toplumyň çäginde 115 otagly döwrebap myhmanhana ýerleşýär. Toplumdaky söwda-dynç alyş merkezleri ýylda 300 müň syýahatçyny kabul edip bilýär. Şeýle hem bu ýerde dürli attraksionlar, şol sanda tomaşaçylary ertekiler dünýäsine syýahat etdirýän 3D tehnologiýaly attraksionlar hereket edýär. “Hazret Sultan” milli muzeý-goraghanasy bilen tanyşlykdan soňra Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Kasym-Žomart Tokaýew bu ýerden ugradylar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gazagystana dostlukly sapary dowam edýär.