Tesla kompaniýasy ABŞ-da «Model Y» krossoweriniň arzan görnüşiniň önümçiligine başlamagy yza süýşürdi. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar berýär. Kompaniýanyň içki resminamalarynda «E41» diýip atlandyrylýan bu modeli ýylyň birinji ýarymynda öndürip başlamak meýilleşdirilýärdi. Emma çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, önümçilige başlamak, azyndan, birnäçe aý yza süýşürildi. Gijikmäniň sebäbi entek belli däl. Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, kompaniýa şeýle görnüşli elektromobillerden 2026-njy ýylda ABŞ-da 250 müň sanysyny satmagy maksat edinýär. Köp sanly alyjylar Tesla-nyň täze we arzan bahaly modelleriniň bazara çykmagyna köp wagtdan bäri garaşýarlar. Çeşmelere görä, Tesla diňe bir «Model Y-niň» arzan görnüşini däl, eýsem «Model 3» sedanynyň hem has elýeterli wersiýasyny çykarmagy meýilleşdirýär. Soňky döwürde, Tesla birnäçe kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldy. Geçen ýylyň netijelerine görä, kompaniýanyň satuwy ilkinji gezek azaldy (1,1% peselip, 1,79 million elektromobil satyldy). Analitikleriň pikirine görä, bu ýagdaý dünýäniň köp ýurtlarynda elektromobillere bolan islegiň azalmagy, Tesla-nyň modelleriniň könelmegi hem-de kompaniýanyň ulag hatarynda arzan bahaly elektromobiliň ýoklugy bilen baglanyşykly. Şu ýyl hem Tesla Ýewropa Bileleşiginde satuwlarynyň düýpli azalmagyna we kompaniýanyň esaslandyryjysy Ilon Maskyň çykyşlary bilen Donald Trampyň administrasiýasyndaky işi sebäpli ýüze çykan protestlere sezewar boldy. Mundan başga-da, beýleki awtoulag öndürijiler ýaly, Tesla hem ABŞ-da girizilen täze gümrük paçlaryndan zyýan çekip biler.