24-nji aprelde Wenera (Zöhre) öz ýagtylygynyň iň ýokary derejesine ýeter. Live Science-yň maglumatlaryna görä, bu gün Günden ikinji planetanyň görünýän ýyldyz ululygy -4.4 bolar. Indiki gezek planeta şeýle ýagtylygyna 2026-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda ýetip biler. Häzir Wenerany “Daň ýyldyzy” diýip atlandyrýarlar. 22-nji martdan ol gündogarda çykýar we Gün dogýança ýiti ýagty saçýar. Mundan öň ol Gün batandan soň günbatarda görünýärdi – şol wagt ony “Agşam ýyldyzy” diýip atlandyrýardylar. Soňky aýlar Wenera Ýere golaý ýerleşýändigi sebäpli aýratyn ýiti ýagty saçýar. Bu Weneranyň öz orbitasy boýunça Ýere garanda has çalt hereket edýändigi bilen baglanyşyklydyr – onuň bir ýyly 225 gün, Ýeriňki – 365 gün dowam edýär. Ilki planeta Ýere ýakynlaşýar, soňra daşlaşýar. Haçan-da Wenera Ýere golaý bolanda, ol has uly görünýär. Onuň şekili Ýerden seredeniňde Aýy ýada salyp, ýarymaý görnüşinde bolup bilýär. Sebäbi biz Weneranyň diňe ýagty düşýän tarapyny görýäris. 24-nji aprelde Gün Weneranyň diňe 23%-ini, 24-nji maýda bolsa 45%-ini ýagtylandyrar. Ýagtylygyň iň ýokary derejesi 24-nji aprele gabat gelse-de, Wenera aýyň ahyryna çenli ýagty bolmagynda galar. 25-nji aprelde onuň ýanynda 8% ýagtylandyrylan ýarymaýy görmek bolar. Şeýle-de, tutuş aprel aýynyň dowamynda Weneranyň golaýynda Saturn hem görner. Live Science-yň maglumatlaryna görä, bellibir pursatda olaryň ýerleşişi ýylgyrýan ýüzi emele getirer.