Altynyň bahasy sişenbe güni taryhda ilkinji gezek bir troý unsiýa üçin 3500 dollardan geçdi. Muny Nýu-Ýorkuň Comex biržasynyň söwda maglumatlary delillendirýär. Altyn taryhy iň ýokary derejesine – 3 509,06 dollara Aşgabat wagty bilen 11:18-de ýetdi. Şol bir wagtyň özünde Brent söwda belgili nebit üçin fýuçers bahasy 2025-nji ýylyň iýun aýyndaky üpjünçilik bilen Londonyň ICE biržasynda 0,12% ýokarlanyp, barreline 66,56 dollara ýetdi. WTI nebiti üçin fýuçers bahasy şu ýylyň iýun aýyndaky üpjünçilik bilen 2,62% peselip, bir barrele 62,77 dollar boldy. Kümüş üçin maý fýuçersi 0,8% gymmatlap, bir unsiýa üçin 32,783 dollara ýetdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir