21-nji aprelde Madridde geçen 25-nji Laureus World Sports Awards dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy türgenleri yglan edildi. Olar amerikaly gimnastikaçy Simona Baýlz we şwesiýaly ýeňil atletikaçy Arman Dýuplantis boldy. Sport gimnastikasy boýunça ýedi gezek Olimpiýa çempiony we 23 gezek dünýä çempiony Simona Baýlz “Ýylyň zenan türgeni” ady üçin göreşde belarusly tennisçi Arina Sobolenkodan, “Barselonanyň” ispaniýaly futbolçysy Aýtana Bonmatiden we ýeňil atletikanyň üç wekili – niderlandly Sifan Hassandan, keniýaly Fait Kipýegondan we amerikaly Sidni Maklaflinden öňe geçdi. “Ýylyň türgeni” ady üçin göreşde şwesiýaly şestli böküji, iki gezek Olimpiýa çempiony we iki gezek dünýä çempiony Arman Dýuplantis bolsa ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras, “Formula-1-iň” niderlandly ýaryşa gatnaşyjysy Maks Werstappen, fransiýaly suwda ýüzüji Leon Marşan we sloweniýaly welosiped ýaryşyna gatnaşyjy Tadeý Pogaçar ýaly bäsdeşlerden öňe geçdi. Dýuplantise baýragy geçen ýylky ýeňiji – serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç gowşurdy. Baýragyň gysga sanawy 70-den gowrak ýurtdan 1000-den gowrak sport KHBS-iniň gatnaşmagynda düzülýär. Ýeňiji Bütindünýä sport akademiýasy Laureus tarapyndan saýlanýar.