19-njy aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wekiliýet gaznanyň işi bilen ýakyndan tanyşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelipdir. Duşuşygyň barşynda «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň wekilleri gaznanyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar. Olar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri bilen öz tomaşaçylaryny has giňden tanyşdyrmak maksady bilen, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewadan interwýu bermegini haýyş etdiler. Duşuşykdan soň O.Atabaýewa myhmanlaryň haýyşyna kanagatlanma bilen dünýäniň meşhur «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň sowallaryna jogap berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna beren interwýusy ýakyn günlerde tomaşaçylara ýetiriler. Meşhur teleýaýlymyň esasy alyp baryjysy Rizwan Han Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň interwýusynyň bu gaznanyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam edendigini belledi.