2025-nji ýylyň 21-nji aprelinden başlap, Aşgabatda iki awtobusyň hereket edýän ugruna üýtgeşmeler giriziler. Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň habar bermegine görä, bölekleýin üýtgeşmeler 18-nji "Parahat 7 – Howa menzili" we 77-nji "Teke bazar - Awtokombinat" ugurlaryna giriziler. Täze tertibe görä, awtobuslar Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugry bilen hereket edip, Amyderýa köçesine günorta tarapa öwrülip, "Jahan döredijilik merkezine" bararlar. Soňra olar Alma-ata köçesiniň ugruna tarap hereketi dowam edip, Weli Ahmedow köçesine demirgazyga tarap ugruny dowam edip, Hoja Ahmet Ýasawy köçesi bilen öňki ugry boýunça öz hereketlerini amala aşyrarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir