Mart aýynyň ahyrynda Hytaýyň EHang kompaniýasy ýolagçylary howa arkaly gatnatmak üçin ýurduň degişli edaralaryndan resmi taýdan rugsat aldy. Bu rugsat kompaniýa şu ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň iki sebitinde «awiagezelençleri» ýola goýmaga hem-de bu hyzmat üçin töleg almaga mümkinçilik berýär. EHang kompaniýasynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, petegiň bahasy ähli ýolagçylar üçin elýeterli bolar. Şu ýylyň ahyryna çenli Ehang kompaniýasy Guançžou we Hefeý şäherlerinde esasy ugurlar boýunça gatnawlary ýola goýar. Elektrik bilen işleýän we doly awtomatlaşdyrylan EH216-S kysymly uçarmansyz uçar iki ýolagçyny gatnadyp bilýär. Bu enjam howada, takmynan, 30 kilometr aralyga çenli uçup bilýär. Hatda hereketlendirijileriň ýa-da propellerleriň bir bölegi işden çyksa-da, ýörite howpsuzlyk ulgamy arkaly uçar ýuwaşlyk bilen ýere gondurylýar. Ehang kompaniýasynyň wise-prezidenti He Tiansin «Nikkei Asian Review» neşiri bilen söhbetdeşlikde, petekleriň ýörite platformalar arkaly satyljakdygyny, emma bahalaryň entek kesgitlenmändigini aýtdy. Şeýle-de ol bu hyzmatyň köpçülige niýetlenendigini, şonuň üçin hem tölegleriň adaty halk üçin elýeter boljakdygyny nygtady. 2024-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri, EHang Tailandda ýolagçyly synag uçuşlaryny amala aşyrýar. Tailand häkimiýetleri täze ulag hyzmatyna oňyn garaýarlar, şonuň üçin EHang bu ýurda aýratyn üns berýär. EHang dünýäde ilkinji bolup ýolagçylary aerotaksi arkaly gatnatmagy maksat edinse-de, bu ugurda bäsdeşlik örän güýçli. Mysal üçin, ABŞ-nyň Joby Aviation kompaniýasy hem şu ýylyň ahyryna çenli ähli zerur şahadatnamalary alyp, Dubaýda ýolagçy gatnatmaga başlamakçy bolýar. Ýaponiýada bolsa Joby-niň elektrikli uçarlarynda ýolagçy gatnatmak isleýän birnäçe ýerli awiakompaniýa bar, olar hem bu işe öňümizdäki iki ýylyň dowamynda başlamagy göz öňünde tutýarlar. SkyDrive atly startap bolsa bu hyzmaty 2028-nji ýyla çenli işe girizmegi maksat edinýär.