Hytaý Gobi çölünde toriý ýangyçly 2 MWt-lyk synag üçin niýetlenen ergin-duzly reaktory (EDR) üstünlikli işe girizdi. Bu barada «South China Morning Post» neşiri habar berýär. Şanhaýyň amaly fizika instituty tarapyndan dolandyrylýan reaktor hiç hili durmazdan, öz ýangyjyny doly ulanyp, soňra täzeden dolduryp, doly iş tapgyryny tamamlady. Ýangyç we ýylylyk geçiriji hökmünde eredilen duzlardan peýdalanýan tehnologiýa uran bilen işleýän reaktorlara garanyňda has howpsuz, tygşytly we zyýanly galyndylary az döredýär. Hytaýda toriý känleriniň köplügi ýurdy bu ugur boýunça has-da güýçlendirýär. Toriý esasly EDR-lar az mukdarda radioişjeň galyndy döredýär we Ýeriň gabygynda urana garanyňda üç esse köp duş gelýän toriý elementini ulanýar. Bu tehnologiýa 1960-njy ýyllarda ABŞ-da gizlin saklanyp, soňy bilen aýan edilen maglumatlara esaslanýar. Şol döwürde toriýli reaktorlar uranlylara ýer beren bolsa-da, Hytaý bu tehnologiýany 2011-nji ýylda başlap tiz wagtda kämilleşdirip, bäsdeşlerini yzda galdyrdy. Geljekki meýilnamalaryň arasynda, 2030-njy ýyla çenli işjeň ýagdaýa getiriljek 10 MWt-lyk EDR we ýadro ýangyçly ýük gämileri üçin toriý reaktorlaryny döretmek bar. Bu meýilnamalar Hytaýyň ýadro energetikasyndaky uly maksatlaryny has-da berkidýär.