Zutobi analitika kompaniýasynyň geçiren gözlegine görä, «Tesla Model 3» ulagy 2025-nji ýylyň iň tygşytly elektromobili boldy. Gözlegiň çäklerinde ABŞ-da elektrik energiýasynyň ortaça bahasy göz öňünde tutulyp, 100 mil (160 km) ýol geçmegiň çykdajylary deňeşdirildi. Bu barada «Teslarati» ýazýar. 57,5 kWt-sagatlyk batareýaly we yzky tekerlerden herekete getirilýän «Tesla Model 3» 260 mil (420 km) ýol geçip bilýär we 100 mil (160 km) ýol üçin çykdajy bary-ýogy 3,60 dollara düşýär. Diýmek, 100 dollarlyk elektroenergiýa bilen bu ulagda 2781 mil (4500 km) ýol geçip bolýar. Ikinji orunda 75 kWt-sagatlyk batareýasy we 325 mil (520 km) aralyk geçmek ukyby bilen «Tesla Model 3 Long Range» ýerleşýär. Bu model bilen 100 mil (160 km) ýol üçin çykdajy 3,75 dollara düşýär. Üçünji orunda «BMW i4 eDrive35» ýerleşýär. Bu model 100 mil (160 km) ýol üçin 4,12 dollar sarp edýär. Şol bir wagtyň özünde, bir gezeklik doly zarýad bilen 265 mil (430 km) geçip bilýär we netijelilik bilen rahatlygyň arasynda gowy deňagramlylyk saklaýar. Tesla kompaniýasy bu sanawda başga-da birnäçe orunlary eýeledi. Ilkinji onluga «Model 3 Performance», «Model S Long Range» we «Model Y Long Range» modelleri hem girdi. Bu netijeler Tesla elektromobilleriniň öz pudagynda iň tygşytly ulaglar hökmünde öňe çykýandygyny görkezýär.