iPhone 16e smartfony diňe bir Apple-iň öz işläp taýýarlan modemine eýe bolan ilkinji model däl. Counterpoint Research analitikleri onuň, eýsem kompaniýa tarapyndan döredilen komponentleriň paýy boýunça-da rekord eýesidigini anyklady. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, iPhone 16e-de ulanylan şaýlaryň 40%-i Apple-iň özi tarapyndan işlenip düzüldi. Deňeşdirmek üçin, iPhone SE 2022-de şeýle düzüm bölekleriň paýy 31%-e, iPhone 16-da 29%-e deň. Hususy komponentleriň paýynyň artmagy gurluşyň öz bahasyna täsir edip biler. Analitikler iPhone 16e-niň iPhone-16-nyň esasy modelinden has girdejili bolup biljekdigini çaklaýar. Aslynda, Apple C1 modeminiň bir özi kompaniýa her gurluşda, takmynan, 10 dollar tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir