ABŞ-da iň uly towuk öndürijileriniň biri bolan Piligrim’s Pride kompaniýasy Prezident Donald Trampyň wezipä girişmek dabarasyna 5 mln dollar bagyş etdi. Bu şeýle goldawy beren ähli kompaniýalaryň arasynda iň uly mukdardyr. Bu barada degişli sanaw bilen tanyş bolan The Wall Street Journal gazeti habar berdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, Trampyň inaugurasiýa komiteti tas 250 mln dollar ýygnady. Bu mukdar öňki rekorddan iki esse köpdür diýip, materialyň awtorlary belleýär. Pul bagyş eden kompaniýalaryň arasynda iri kriptowalýuta kompaniýalary hem bar. Ripple kompaniýasy tas 5 mln dollar bagyş etdi. Robinhood Markets 2 mln dollar, Coinbase Inc. bolsa 1 mln dollar berdi. Chevron nebit-gaz kompaniýasy 2 mln dollar bagyş etdi. Exxon Mobil, Occidental Petroleum we ConocoPhillips kompaniýalarynyň her biri degişli gazna 1 mln dollar iberdi. Şeýle goldawy farmasewtika pudagynyň wekilleri hem hödürledi. Şeýle-de, Amazon, ChatGPT hyzmatyny işläp düzüji, McDonald’s korporasiýasy, Delta Air Lines awiakompaniýasy, Nvidia tehnologiýa kompaniýasy, Boeing awiakonserni we beýlekiler 1 mln dollardan berdi.