NASA 2025-nji ýylyň mart aýynda Güni we Gün şemallaryny öwrenmek maksady bilen, dört sany kiçi hemrany PUNCH (Polarimeter to Unify the Corona and Heliosphere) atly missiýanyň çäginde Ýere ýakyn pes orbita (570 km beýiklikde) uçurdy. Emeli hemralar aprel aýynda ilkinji synag suratlaryny üstünlikli düşürip, kameralarynyň we bort enjamlarynyň dogry işleýändigini tassykladylar. PUNCH missiýasy Günüň täjinde (koronasynda) bolup geçýän hadysalary synlamak üçin, koronograf hökmünde hyzmat edýän, dar burçly kamera (NFI) bilen enjamlaşdyrylan bir sany emeli hemrany, şeýle hem Günden çykýan zarýadly bölejikleriň akymyny, ýagny Günüň şemalyny öwrenmek üçin, giň burçly kameralar (WFI) bilen enjamaşdyrylan üç sany emeli hemrany öz içine alýar. Bu dört hemranyň ählisinden alnan suratlar bilelikde ulanylyp, Günüň täjinde bolup geçýän hereketleriň we Günüň şemallarynyň Ýere tarap ugrunyň doly şekilini döretmäge mümkinçilik berer. Ilkinji düşürilen suratlar eýýäm ýyldyz meýdanlaryny we ýyldyz toplumlaryny görkezýär, emma ylmy maglumat almak üçin, bu suratlarda fon ýagtylygynyň 99%-i aýrylyp, güýçsüz Gün şemalynyň akymlarynyň tapawutlandyrylmagy zerurdyr. Hemralaryň orbitadaky deňsiz-taýsyz ýerleşişi, ýagny gündiz bilen gijäniň arasyndaky çäk bolan terminator çyzygynyň golaýynda ýerleşmegi olara Güni ähli tarapdan diýen ýaly yzygiderli synlamaga mümkinçilik berer. PUNCH missiýasynyň esasy maksady – Günüň energiýasynyň Gün şemalyna nädip öwrülýändigini we koronal massa zyňyndylarynyň nädip emele gelýändigini öwrenmekdir. Bu massa zyňyndylary Ýerde emeli hemralar, astronawtlar we elektrik ulgamlary üçin howp döredip bilýän magnit hadysalaryna sebäp bolup biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir