Xiaomi kompaniýasy Mijia Dust Mite Vacuum Cleaner 2 Pro atly täze tozan sorujyny hödürledi. Bu enjam diňe düşek, mebel we ýorgan-düşekleri arassalamak bilen çäklenmän, eýsem mör-möjeklere garşy hem göreşýär diýip, «Gizmochina» neşiri habar berýär. Enjam 16 kPa güýçli sorujy motor bilen üpjün edilen, şeýle-de 21,5 santimetrlik sorujy agzy bar. Bu bolsa tozany we mör-möjekleri netijeli sorup almaga mümkinçilik berýär. Enjamda 0,8 litrlik goşa konteýner bolup, ol hapany süzmek we saklamak üçin bölünendir. Enjam 55°C-ä çenli gyzdyryş we 99% netijelilik bilen bakteriýa ýok edýän ultramelewşe çyra bilen enjamlaşdyrylan. Bu tehnologiýa mör-möjekleriň işjeňligini peseldýär we bakteriýalary ýok edýär. Tozan sorujy ýokary galdyrylanda UV şöhle awtomatiki öçýär. LED displeýiniň üsti bilen mör-möjek derejesi häzirki wagtda görkezilýär: hapanyň derejesine baglylykda ekranyň reňki üýtgeýär. Konteýner açyk görnüşlidir, süzgüçlerini çykaryp ýuwup bolýar. Enjamyň agramy 2,3 kilogram bolup, onuň bäş sany iş tertibi, şol sanda ultrases tertibi hem bar. Enjamyň bahasy Hytaýda 429 ýuan (takmynan, 58 dollar). Satuwy JD.com web sahypasynda başlady.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir