Hytaýda adamlar bilen deň derejede gumanoid robotlaryň gatnaşmagynda dünýäde ilkinji ýarym marafon geçirildi. Bu barada The Global Times neşiri habar berýär. Pekindäki ylgaw ýaryşy 12 müň adamy we 20 gumanoid roboty jemledi, olar 21 km aralygy geçdi. Robotlardan ilkinji bolup pellehana Milli robototehnika merkezi tarapyndan döredilen Tien Kung Ultra geldi. Ol bu aralygy, ýolda ýykylandygyna garamazdan, 2 sagat 40 minutda geçdi. Adamlaryň arasynda Efiopiýadan türgenler ýeňiji boldy: erkekleriň arasynda iň gowy wagt 1 sagat 2 minut, zenanlaryň arasynda 1 sagat 11 minut boldy. CNN-iň habar bermegine görä, robotlara saklanmaga rugsat berildi. Dynç alşyň we suwuň deregine, olaryň batareýasy çalşyldy. Şeýle-de, roboty çalyşmak mümkinçiligi boldy, ýöne munuň üçin 10 minut jerime berilýärdi. The Global Times-yň ýazmagyna görä, Tien Kung Ultra pellehana gelenden soň, “hiç hili ýadawlyk alamatyny görkezmedi”. Marafona gatnaşyjylar onuň bilen surata düşdi, şondan soň işläp düzüjiler roboty sylaglama dabarasyna alyp gitdi. Ýaryş Hytaýyň tehnologiýalary ösdürmäge ymtylýandygyny görkezýär. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ýurtda “herekete getirilen aňyň” bazary 2025-nji ýylda 730 mln dollara ýeter, bu bolsa dünýä bazarynyň, takmynan, 27%-ine deňdir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir