2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýda smartfon bazary 3,3% ösüp, 71,6 mln smartfona ýetdi. IDC-niň maglumatlaryna görä, ösüşe 810 dollara çenli bahadaky smartfonlar üçin döwlet ýeňillikleri we Hytaý Täze ýylynyň baýram edilen döwründe möwsümleýin isleg ýardam etdi. Şol bir wagtyň özünde, döwlet goldawy Apple-iň ähli önümlerine degişli bolmady we bu hem onuň bazardaky ornuna täsir etdi. Brend çärýegi 13,7% bazar paýy bilen jemläp, bäşinji orna düşdi. Hytaýda iPhone üpjünçiligi 9% azaldy, bu hem ilkinji bäşlikdäki kompaniýalaryň arasynda iň uly pese gaçyş boldy. Bazaryň öňdebaryjysy Xiaomi boldy – onuň üpjünçiligi 39,9% ýokarlanyp, 13,3 mln smartfona, paýy bolsa 13,3%-e ýetdi. Huawei üpjünçiligini 10% - 12,9 mln smartfona we paýyny 18%-e çenli artdyryp, ikinji orny eýeledi. Üçünji orunda 11,2 mln smartfon we 15,7% paý bilen Oppo ýerleşdi. Dördünji orunda Vivo: 10,3 mln smartfon we 14,4% paý. Ilkinji bäşligiň daşyndaky öndürijiler üpjünçiligi 14% azaldyp, bazaryň 19,5%-ini eýeledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir