Ýere golaý pes orbitada (160 – 2000 km) kosmos zibiliniň massasy 6600 tonnadan geçdi. Bu mesele uçurylýan hemralaryň sanynyň artmagy bilen ýitileşýär diýip, Ýewropa Kosmos agentliginiň (ESA) ýyllyk hasabatyna salgylanyp, New Atlas ýazýar. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda NASA-nyň orbitada hasaba alan zibili 6000 tonnadan geçmeýärdi. ESA-nyň baş direktory Ýozef Aşbaher bu meseläniň giň gerime eýe bolup, ýitileşmegini dowam etdirýändigini, sebäbi “biziň gündelik durmuşda maglumat çeşmesi hökmünde nawigasiýa, telekommunikasiýa, dürli hyzmatlar we Ýere gözegçilik etmek, şol sanda gorag we howpsuzlyk üçin hemralara garaşlydygymyzy” belleýär. Zibil hemralaryň ýarylmagy, çaknyşyklary ýa-da könelmegi sebäpli döreýär. Hatda millimetr ululykdaky bölejikler hem enjamlara zyýan ýetirip bilýär, santimetr ululykdaky obýektler bolsa energiýasy boýunça granatyň ýarylmagy bilen deňdir. Häzir orbitada diametri bir santimetrden uly bolan azyndan 1,2 mln bölejik bar. Orbitany arassalamak boýunça halkara düzgünler henizem ýok, ýöne aýry-aýry agentlikler öz çärelerini işläp taýýarlaýar. 2028-nji ýylda ClearSpace-1 hemrasy orbitadan PROBA-1 enjamyny aýyrmaly bolar. Şeýle çözgütleriň üstünde Astroscale ýapon kompaniýasy hem işleýär. Firmalaryň ikisi-de orbitadan işini tamamlan birnäçe britan hemrasyny aýyrmak barada Beýik Britaniýanyň Kosmos agentligi bilen şertnama baglaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir