17-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Azizbek Madmarow bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň halkara guramalaryndaky başlangyçlary özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Şeýle hem diplomatlar howpsuzlyk, durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.