Amerikaly professional fridaýwer (suwda çümüji) Ameliýa de los Rios suwuň aşagynda bir minutda çişirilen howa halkalarynyň sany boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Ol 56 halkany çişirmegi başardy. Şeýle hem, çäklendirilmedik wagtda howa halkalarynyň umumy sany boýunça rekord goýdy – 81 halka. Bu öňki üstünlikden dokuz san köpdür diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň web sahypasynda habar berilýär. Amelia ýörite tehnikasynyň bardygyny düşündirdi: "Bary-ýogy ýaňaklaryňy gatatmaly, diliňi çykarmaly we ony yzyna çekip almaly". Onuň sözlerine görä, howa halkasyny emele getirmek kyn däl, ýöne ony gerekli çuňlukda we dogry depginde etmek kyn. Ameliýa fridaýwing başarnygynyň şeýle netijelere ýetmegine kömek edýändigini aýtdy. Fridaýwing bu, esasan, demiňi saklamagy talap edýän sport. Bu höwesjeňleriň üçinem (mysal üçin, snorkling) ýa-da ýaryş görnüşinde-de geçirilip bilner. Howa halkalaryny döretmek onuň türgenleşikleriniň bir bölegidi. 2024-nji ýylyň iýun aýynda Ameliýa 50 ýaşa çenli gatnaşyjylar üçin “statik apnoe” kategoriýasynda ABŞ-nyň fridaýwing federasiýasynyň milli rekordyny goýdy. Ol demini 6 minut 58 sekuntlap saklady - öňki erkek adamyň goýan rekordyndan 12 sekunt uzak.