Waşingtonyň häkimi Mýuriel Bauzer 2025-nji ýylyň 11-nji aprelini “Aleksandr Oweçkiniň güni” diýip yglan edýän permana gol çekdi. Bu barada MHL-iň “Waşington Kepitalz” kluby X sosial ulgamynda habar berdi. Anna güni ABŞ-nyň paýtagtynda 39 ýaşly russiýaly hokkeýçiniň rekordyna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Klub dabarany gurnamaga beren ýardamy üçin häkime minnetdarlyk bildirdi. Bauzer permanda 11-nji aprelde ýaşaýjylaryň we janköýerleriň Oweçkiniň “haýran galdyryjy üstünligini” belläp bilendigini aýtdy. Häkim hüjümçiniň MHL-däki tutuş karýerasynyň dowamynda “Waşington Kepitalz” bilen oýnap, “klubuň möhüm bölegine öwrülendigini” belledi. Ýatlap geçsek, 6-njy aprelde Oweçkin “Nýu-Ýork Aýlenderse” garşy oýunda 895-nji şaýbany geçirip, MHL-iň rekordyny goýdy. Ol meşhur Ueýn Gretskiniň 26 ýyl saklanan rekordyny täzeläp, liganyň taryhynda iň gowy snaýper boldy. Ýeri gelende bellesek, reýtingde indiki ýakyn oýunçy Sidni Krosbiniň hasabynda 624 gol bar. Şeýle-de, mundan öň “Waşington Kepitalzyň” Oweçkiniň 894-nji we 895-nji şaýbalary girizen derweze torlaryny saklap galjakdygy belli boldy. Olar klubuň hemişelik ekspozisiýasyna goşular.