Suwasty kartografirleme bilen meşgullanýan Magellan Ltd kompaniýasy, takmynan, 4 müň metr çuňlukda ýerlenen “Titanik” gämisiniň sanly rekonstruksiýasyny geçirdi. Gäminiň täze sanly suratlary gämi heläkçiligi barada ozal belli bolmadyk maglumatlary berdi. Täze ylmy gözleg National Geographic bilen Atlantic Productions-yň “Titanik: sanly dikeldiş” dokumental filminiň esasyny düzdi. Suratlar iki ýyl mundan ozal suwasty enjamlaryň kömegi bilen alyndy. Olar hem gäminiň 3D rekonstruksiýasy üçin esas bolup hyzmat etdi diýip, Daily Mail belleýär. Ylmy gözlegiň ýolbaşçysy, Londonyň Uniwersitet kollejinden Jom-Ki Paýk gäminiň aýsberge sähel degendigini habar berdi. Çaknyşma bary-ýogy 6 sekunt dowam etdi, ýöne onuň netijesinde A4 ölçegdäki kagyzyň ululygynda deşikler döredi. Olar korpusyň dar bölegi boýunça ýerleşen alty mumlatynly bölekde peýda boldy. Olaryň üsti bilen suw içine girip, kem-kemden bu bölümleri basyp başlady. Skanirleme korpusyň döwlen ýeriniň golaýyndaky bug gazan jaýynyň bölekleýin saklanyp galandygyny görkezdi. Käbir gazanlar içine gysylypdyr – bu olaryň gäminiň suwa giden pursatynda işläp durandygyny delillendirip biler. Şeýle-de, klapanlaryň biri açyk bolup, bu buguň ahyryna çenli ulgam boýunça hereket edendigini görkezýär. Şaýatlaryň ýatlamalaryna görä, inženerler elektrik energiýasynyň soňuna çenli berilmegi üçin gahrymanlarça göreşipdir. Jozef Belliň ýolbaşçylygyndaky topar gämide ýagtylygyň bolmagy üçin kömür ýüklemegi dowam etdirdi. Olaryň ählisi heläk boldy, ýöne olaryň hereketi halas ediş gaýyklarynyň aşak düşürilmegini üpjün edip, köp sanly ýolagçynyň janyny halas etmäge kömek etdi. Mundan başga-da, 3D skanirleme kapitanyň uly kömekçisi Uilýam Mýordokyň gämi suwa gidende öz wezipe ýerini terk etmändigini anyklamaga kömek etdi. 113 ýylyň dowamynda şotlandiýaly ofiser parahorlykda we öz ýerini taşlap gitmekde aýyplanypdy. Jeýms Kemeronyň filminde hatda ol ýolagçyny atýan adam hökmünde görkezilen. Indi 3D skanirleme Mýordoka nädogry töhmet atylandygyny, onuň ahyryna çenli ýolagçylara halas bolmaga kömek edip, heläk bolandygyny görkezdi. Haçan-da “Titanik” 1912-nji ýylyň 14-nji aprel gijesi 23:40-da aýsberg bilen çaknyşanda, 39 ýaşly ofiser Mýordok gäminiň sag borty boýunça ewakuasiýa jogapkär bellenýär. Ýöne soňky sagatlarda bolup geçen zatlar jedelleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Käbir diri galan şaýatlar ofiseriň halas ediş gaýygyna ylgan bir ýa-da iki adamy atandygyny, soňra özüni atandygyny habar berdi. Köp ýyllaryň dowamynda bu ofiser Mýordok hasaplanypdy – Kemeron hem öz filminde bu çaklama esaslandy. Ýöne täze dokumental filmde “Titanik” boýunça hünärmen Parks Stiwenson uly sanly modeliň ofiseriň bigünädigini tassyklaýandygyny aýtdy. Skanirleme “Titanigiň” suwa giden wagty, ofiser Mýordogyň gözegçilik eden ýerinde gämilerde ulanylýan kranyň bir görnüşi bolan şlýupbalkanyň suwa ýene bir halas ediş gaýygyny düşürmäge taýýarlanandygynyny görkezdi. Muny ekipažyň käbir diri galan agzalarynyň Mýordogy ýolagçylar toparyny howpsuz ýere iberende, suw alyp gidendigi baradaky görkezmeleri tassyklaýar. 1500-den gowrak adamyň ölümine getiren heläkçilikden bäri ýüz ýyldan gowrak wagt geçdi. Ýöne umman gämisiniň pajygaly ykbaly häzirem uly gyzyklanma döretmegini dowam etdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir