Google kompaniýasy dünýäniň dürli ýurtlarynda gözleg hyzmaty üçin ýokarky derejeli milli domenleri (meselem, Fransiýada google.fr, Ýaponiýada google.co.jp we ş.m.) ulanyp gelýärdi. Indi bu ýagdaý üýtgeýär, ýakyn wagtda Google gözleg hyzmaty dünýäniň ähli ulanyjylary üçin diňe google.com salgysy arkaly elýeterli bolar. Bu barada «9to5Google» habar berýär. Ilkibaşda Google degişli ýerli gözleg netijelerini hödürlemek üçin, milli domenleri ulanýardy. Ýöne 2017-nji ýyldan bäri kompaniýanyň gözleg ulgamy ulanyjynyň haýsy salgyny ulanýandygyna garamazdan, degişli netijeleri görkezýär. Indi bolsa IT ägirdi ähli gözleg trafigini göni google.com sahypasyna gönükdirer. Bu ulanyjylaryň hyzmat bilen aragatnaşygyny has-da ýönekeýleşdirer. Bellenip geçilmegine görä, bu üýtgeşme diňe brauzeriň salgy setirindäki salgyny üýtgeder, gözleg hyzmatynyň işine täsir etmez. Şeýle hem bu üýtgeşmäniň çäginde käbir ulanyjylara gözleg sazlamalaryny täzeden düzmek teklip edilip bilner. Gözleg hyzmatynyň google.com domenine doly geçirilmegi birnäçe aýyň dowamynda, tapgyrlaýyn amala aşyrylar.