16-njy aprelde Ýerde magnit tupanlary bolar diýlip çaklanylýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň we Gün-Ýer fizika institutynyň web sahypasynda aýdylýar. Laboratoriýanyň berýän habaryna görä, duşenbe güni aşgabat wagty bilen sagat 12: 00-da Günüň üstünde M4.3 derejeli alaw hasaba alyndy. "16-njy aprelde, çarşenbe güni bolmagy çaklanylýan G1-G2 derejeli magnit tupanlary bu hadysanyň iň göze ilýän netijesi bolmaly" - diýip, habarda aýdylýar. Magnit tupanlarynyň derejesi bäş derejeli şkalada bahalandyrylýar, bu ýerde G1 “gowşak” tupany, G5 bolsa “aşa güýçli” diýmekdir. Çarşenbe güni garaşylýan tupan "aram" derejeli bolar. Hepdäniň ahyrynda Günüň esasy işjeň merkezleriniň biri bolan №4055-iň işjeňleşendigi bellendi. Netijede, alawyň işjeňligi birden ýokarlandy. Iki günüň dowamynda 39 alaw hasaba alyndy, olaryň deň ýarysy diýen ýaly M kategoriýa degişlidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir