Jorjiýanyň tehnologiýa institutynyň alymlary günorta koreýaly barlagçylar bilen bilelikde kelle derisindäki saçlaryň aralygyna ýerleşýän örän kiçi ölçegli neýrointerfeýsi işläp düzdüler. Ony deriniň ýüzüne zeper ýetirmezden ornaşdyryp bolýar diýip, «SingularityHub» habar berýär. Täze tehnologiýanyň esasynda, mikroskopik iňňeler bilen örtülen, polimerden ýasalan haç şekilli datçikler ýerleşýär. Bu kiçijik bölekler kelle derisine degende ýuwaşlyk bilen berkeýär. Maglumatlar saçlaryň arasynda göze ilmez ýaly ýerleşdirilen, süýümli egrem-bugram geçiriji arkaly geçirilýär we bu geçiriji bolsa ykjam prosessor bilen baglanýar. Bu modul beýniden gelýän impulslary häzirki wagtda sanly buýruklara öwürýär we daşarky enjamlara ugradýar. Alymlar bu ulgamy iki usulda synagdan geçirdiler: ·Birinjisinde, ulanyjynyň beýnisiniň tolkunlary ýörite programma ornaşdyrylan kompýutere geçirilýärdi. ·Ikinjisinde bolsa, bu signal maglumatlary displeý hökmünde ulanylýan ýörite äýneklere iberilýärdi. Synaglaryň netijesi ýokary takyklygy görkezdi – 96,4%. Enjam signal ýitgisiz 12 sagada çenli işledi. Işläp düzüjileriň sözlerine görä, bu tehnologiýa köpçülikleýin önümçilige laýyk edilip taýýarlanypdyr. Bu bolsa geljekde hereketi çäkli adamlar üçin, gündelik durmuşda giňden ulanylmagyna ýol açyp biler.