Nvidia 2024-nji ýylyň girdejisi boýunça dünýäde iň uly ýarymgeçiriji öndürijisi bolmak bilen, ilkinji gezek Samsung Electronics-den öňe geçdi. Gartner-iň berýän maglumatlaryna görä, Nvidia-nyň girdejisi 120% ösüp, 76,7 milliard dollara ýetdi, bazardaky paýy bolsa 11,7% boldy. Ozal ýat çipi bazaryna öňbaşçylyk eden Samsung girdejisini 60,8 % ýokarlandyrdy. Intel girdejisiniň bary-ýogy 0,8 % ösüşi bilen üçünji ýere düşdi. Nvidia-ny HBM ýady bilen üpjün edýän Günorta Koreýanyň SK hynix kompaniýasy altynjy orundan dördünji orna çykyp, girdejisini 91,5% ýokarlandyrdy we 44,2 milliard dollara ýetirdi. Umuman, ýarymgeçiriji bazary ösüşi görkezdi: ýat öndürijiler girdejisini 73,4% artdyrdy, ähli üpjün edijileriň umumy girdejisi bolsa 655,9 milliard dollara ýetdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir