Sony kompaniýasy ýokary çözgütli 8K telewizorlaryň önümçiligini wagtlaýyn togtatdy. Şeýle görnüşli iň soňky model üç ýyl mundan ozal satuwa çykarylypdy. Sony-nyň wekili žurnalistler bilen geçirilen sorag-jogap maslahatynda 8K telewizorlaryň önümçiliginiň wagtlaýyn togtadylandygyny aýtdy. 8K formatdaky iň soňky model bolan Sony Z9K 2022-nji ýylda çykaryldy. Häzirki wagtda bu enjam önümçilikden aýryldy, satuwda diňe ammarlarda galan az-kem galyndylar bar. Bu kararyň esasy sebäbi hökmünde alyjylaryň bu tehnologiýa uly gyzyklanma bildirmeýändigi we 8K mazmunlaryň ýetmezçiligi görkezilýär. Sarp edijiler tehnologiýasy assosiasiýasy (CTA) hem ozal 8K telewizorlara bolan islegiň peselýändigini belläpdi. Guramanyň berýän maglumatlaryna görä, şeýle görnüşli enjamlaryň dünýä boýunça iberiliş möçberi artmaýar. 2022-nji ýylda 166 müň sany, 2023-nji ýylda 211 müň sany, 2024-nji ýylda bolsa diňe 143 müň sany telewizor satuwa çykarylypdyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir