Ispan alymlary eliň bilen dolandyryp bolýan ilkinji interaktiw golografiki displeýi döretdiler. Şekil howada peýda bolýar we eliň bilen onuň içine girip, zatlary aýlap, süýşürip bolýar. Bu enjam okuw, görkezmeler, muzeýler ýa-da güýmenjeler üçin hem peýdaly bolup biler. Ilkinji görkezilişi aprel aýynyň ahyrynda Ýaponiýada bolar diýip, «EurekAlert!» habar berýär. «Filmlerde görüp, gologramma diýip atlandyrýan zatlarymyz, aslynda, göwrümli şekillerdir» — diýip, taslamanyň baş awtory Nawarra döwlet uniwersitetinden (UPNA) Elodi Buzbib düşündirýär. 3D displeýler ozal hem bardy, ýöne olaryň hiç birine eliň bilen gönüden-göni täsir edip bolmaýardy – bu aýratynlyk bu enjamda ilkinji gezek mümkin boldy. Adatça, golografiki displeýlerde proýeksiýa giňişlikde çalt titreýän diffuzora – ýagny list görnüşli tekizlige gönükdirilýär. Oňa sekuntda 2880 kadra çenli tizlikde şekil düşürilýär. Gözüň inertligi sebäpli, beýni dürli belentlikde, dürli wagtlarda peýda bolýan bölekleri bitewi göwrümli şekil edip birleşdirýär. Täze displeýde alymlar berk diffuzoryň deregine, elastik zolaklary ulandylar. Tehnologiýa çylşyrymly bolsa-da, netijesi üstünlikli: adamlar indi golografiki şekiller bilen göni täsirleşip bilýärler. Bu enjam CHI 2025 atly halkara ylmy maslahatda – 26-njy aprelden 1-nji maýa çenli Ýaponiýanyň Ýokogama şäherinde görkeziler. Bu maslahata Microsoft, Meta, Apple we Adobe ýaly dünýä belli kompaniýalaryň wekilleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir