Türkmenistan we Koreýa Respublikasy kiberhowpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, Türkmenistanyň we Italiýanyň diplomatlary hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, 5-nji iýunda Türkmenistanda Halkara ekologiýa maslahaty TESC 2025 geçiriler we beýleki habarlar Türkmenistanda 1. Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň wekilleri maglumat we kiberhowpsuzlyk babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin onlaýn duşuşyk geçirdiler. Gepleşiklere Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Internet we maglumat howpsuzlygy agentliginiň (KISA) hünärmenleri gatnaşdy. Günorta Koreýanyň Internet we maglumat howpsuzlygy agentliginiň wekilleri ýurtda geçirilýän halkara çärelere hem-de türgenleşik okuwlaryna türkmen tarapynyň hem gatnaşmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. https://turkmenportal.com/blog/89846/turkmenistan-i-yuzhnaya-koreya-obsudili-perspektivy-sotrudnichestva-v-sfere-kiberbezopasnosti 2. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary Edmondo Çiriýelliniň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda Merkezi Aziýa bilen Italiýanyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlyk ulgamyny döretmek boýunça 2024-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň meýilnamasyny tassyklamak başlangyjy boýunça pikir alşyldy. Bu meýilnama energiýa özgertmeleri, suw serişdeleri, saglygy goraýyş, oba hojalygy, ýokary bilim we ulag ýaly ugurlary öz içine alýar. Taraplar bilim, arheologiýa we medeniýet ugurlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan özara gyzyklanmany tassykladylar. https://turkmenportal.com/blog/89844/diplomaty-turkmenistana-i-italii-obsudili-prioritety-v-narashchivanii-sotrudnichestva 3. 5-nji iýunda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähtleri» (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Çäre «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan guralýar. Maslahata hasaba alyş işleri eýýäm başlandy. Geçen ýyl bu çärä 31 ýurtdan 250 wekil gatnaşdy. Gatnaşmak tölegsiz, daşary ýurtly wekillere wiza goldawy berilýär. Maslahatyň resmi saýtynda hasaba alynmak mümkindir. https://turkmenportal.com/blog/89840/mezhdunarodnaya-ekologicheskaya-konferenciya-tesc-2025-proidet-v-turkmenistane-5-iyunya 4. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere bagyşlanan üçünji maslahatyna taýýarlyk boýunça ikinji baha beriji missiýasynyň işiniň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Maslahaty şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek meýilleşdirilýär. Brifinge Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan bu çärä taýýarlyk görmek boýunça giň gerimli guramaçylyk we seljeriş işleriniň alnyp barylýandygy nygtaldy. https://turkmenportal.com/blog/89841/v-ashhabade-proshel-brifing-po-predstoyashchei-v-avavze-konferencii-oon 5. Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi. Oňa ýurduň öňdebaryjy teleýaýlymlarynyň, metbugat we elektron neşirleriniň žurnalistleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwlet Seýitmämmedow öz çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasy başlangyçlarynyň halkara giňişliginde giň goldawa eýe bolýandygyny belledi. Şeýle hem brifingiň dowamynda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzeniň ýakynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň jemlerine seredilip geçildi. https://turkmenportal.com/blog/89847/v-tbilisi-obsudili-vklad-turkmenistana-v-ukreplenie-mezhdunarodnogo-mira-i-doveriya Dünýäde 1. ABŞ-yň Kongresiniň kitaphanasy 25 sany täze ses ýazgysyny goşmak bilen Milli ses ýazgylarynyň sanawyny giňeltdi. Ýygynda goşulan ses ýazgylarynyň arasynda millionlarça ulanyja mälim bolan «Microsoft Windows» operasion ulgamynyň täzeden açylmagynyň sesi we «Minecraft» oýunynyň sazy bar. Kongresiň kitaphanasy her ýyl «medeni, taryhy ýa-da estetiki taýdan ähmiýetli» hasaplanýan 25 ses ýazgysyny saýlaýar. Bu abraýly sanawa goşulmak üçin eserler azyndan on ýyl ozal döredilen bolmaly. https://turkmenportal.com/blog/89860/zvuk-perezagruzki-windows-vklyuchili-v-nacionalnyi-reestr-audiozapisei-ssha 2. Amerikan kinoakademiýasy 2028-nji ýylda «Oskar» baýraklarynyň gowşurylyş dabarasynda ilkinji gezek peýda boljak «Iň gowy kaskadýorlyk işi» atly täze baýragyň döredilendigini habar berdi. Baýrak 100-nji ýubileý baýrak gowşurylyş dabarasynda gowşurylar. Bu ugry girizmek başlangyjyny esasy öňe sürenleriň biri režissýor Dewid Litç boldy. Ol öz çykyşynda çylşyrymly tilsimleriň islendik žanrdaky film üçin möhümdigini we olaryň film önümçiligi pudagynyň taryhynda ozaldan dowam edip gelýändigini aýtdy. https://turkmenportal.com/blog/89858/kaskadery-nachnut-poluchat-oskar-s-2028-goda Sport täzelikleri 1. Allanur Daýanjow karýerasynda ilkinji gezek tennis boýunça Türkmenistanyň çempiony diýen ada eýe boldy. Ol final duşuşygynda geçen ýylky ýeňiji Meýlis Orazmuhammedowdan 7:5, 7:5 hasabynda üstün çykdy. Daýanjow «Aşgabat» köpugurly stadionynyň tennis meýdançalarynda geçirilen ýaryşda ynamly ýeňiş gazandy. Çempionata Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan we Aşgabatdan 114 türgen gatnaşdy. Zenanlaryň arasyndaky ýaryşynda 15 ýaşly Ilima Guseýnowa çempion diýen derejäni gaýdyp aldy. Finalda ol Leýli Esenowany ýeňdi. https://turkmenportal.com/blog/89864/allanur-dayandzhov-vpervye-stal-chempionom-turkmenistana-po-tennisu

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir