Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Döwlet protokoly we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew Ýaponiýa saparynyň dowamynda ýurduň daşary işler boýunça döwlet ministri Hisaýuki Fudzii bilen duşuşyk geçirdi. 10-njy aprelde geçirilen duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyrjak döwlet saparyna taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi habar berdi. Döwlet ministri Hisaýuki Fudzii iki ýurduň dostluga we pugta ynama esaslanýan özara peýdaly hyzmatdaşlar bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa meýilleşdirilýän saparyna taýýarlyk görmekde türkmen tarapy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Osakada guralan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Milli gününi ilkinji bolup geçirjekdigi barada nygtalyp, bu sergi arkaly iki ýurduň arasynda özara düşünişmegiň we hoşniýetli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna garaşylýandygy aýdyldy. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew, öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa amala aşyrjak saparyna taýýarlyk görmekde berýän şahsy goldawy üçin Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministrine minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de «EKSPO — 2025 Bütindünýä sergisiniň türkmen-ýapon gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirildi.