Penşenbe güni agşam we anna gününe geçilýän gije UEFA-nyň Ýewropa ligasynda hem-de Konferensiýalar ligasynda – Ýewropanyň ikinji we üçünji derejeli klub ýaryşlarynda çärýek finalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Ýewropa ligasynda dört oýnuň üçüsi deňme-deň gutardy. Diňe Norwegiýanyň "Budö-Glimt" topary garşydaşyndan üstün çykyp, jogap duşuşygyna artykmaçlyk bilen barýar – olar öz meýdanlarynda Italiýanyň "Lasiosyny" 2:0 hasaby bilen utdular. "Lion" bilen "Mançester Ýunaýtediň" arasyndaky duşuşyk dartgynly boldy – toparlar duşuşygyň soňky pursatlarynda biri-birine gol geçirdiler we netije 2:2 boldy. "MÝ" 90+5-nji minutda gol geçirdip, ýeňşi elden gidirdi. Şeýle-de, "Reýnjers" bilen "Atletik Bilbaonyň" arasyndaky oýun 0:0 hasaby bilen tamamlandy, "Tottenhem" bilen "Aýntarht" bolsa 1:1 oýnady. Çärýek finalyň jogap duşuşyklary 17-nji aprelde, ýarym final duşuşyklary 1-nji we 8-nji maýda, final bolsa 21-nji maýda Ispaniýanyň Bilbao şäherinde geçiriler. Ýewropa Ligasy – Çärýek final, ilkinji duşuşyklar (10-njy aprel) Bodö-Glimt (Norwegiýa) – Lasio (Italiýa) – 2:0 Gollar: Saltnes, 47, 69 Lion (Fransiýa) – Mançester Ýunaýted (Angliýa) – 2:2 Gollar: Almada, 25, Şerki, 90+5 – Ýoro, 45+5, Zirkze, 88 Reýnjers (Şotlandiýa) – Atletik Bilbao (Ispaniýa) – 0:0 Gyzyl kart: Propper, 15 (Reýnjers) Tottenhem (Angliýa) – Aýntarht (Germaniýa) – 1:1 Gollar: Porro, 26 – Ekitike, 6 Konferensiýalar ligasynda bolsa ýer eýeleri ýeňiş gazandy Konferensiýa Ligasynda bolsa netijeler garaşylyşy ýaly boldy – ýeňşe ýakyn hasaplananlar ýeňiş gazandy. "Çelsi" Polşada "Legiýany" 3:0 hasaby bilen ýeňdi. "Fiorentina" myhmançylykda "Selene" garşy 2:1 üstün çykdy. "Betis" öýünde "Ýagelloniýany" 2:0 ýeňdi, "Rapid" bolsa Şwesiýada "Ýurgordeni" 1:0 hasaby bilen ýeňdi. Jogap duşuşyklary 17-nji aprelde, ýarym finallar 1-nji we 8-nji maýda, final bolsa 28-nji maýda Polşanyň Wroslaw şäherinde geçiriler. Konferensiýa Ligasy – Çärýek final, ilkinji duşuşyklar (10-njy aprel) Legiýa (Polşa) – Çelsi (Angliýa) – 0:3 Gollar: Jorj, 49, Madueke, 57, 74 Betis (Ispaniýa) – Ýagelloniýa (Polşa) – 2:0 Gollar: Bakambu, 24, Hesus Rodriges, 45+2 Çele (Sloweniýa) – Fiorentina (Italiýa) – 1:2 Gollar: Delorýe-Şobe, 68 (penalti) – Ranýeri, 27, Mandragora, 62 (penalti) Ýurgorden (Şwesiýa) – Rapid (Awstriýa) – 0:1 Gol: Findell, 62 (öz derwezesine gol)

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir