«Ferrari 12Cilindri» modeli «Car Design Award 2025» atly abraýly baýragyň «Seriýaly awtoulaglar» kategoriýasy boýunça ýeňiji boldy. Ol bu baýragyň ugrunda «Bugatti Tourbillon» we «KIA EV3» ýaly güýçli bäsdeşlerini yzda galdyrdy. Bu baýrak 1984-nji ýyldan bäri gowşurylýar we awtoulaglaryň dizaýnynyň ösüşine goşant goşan modellere berilýär diýip, «Auto & Design» žurnaly habar berýär. Ýeňijini saýlan emin agzalary «Ferrari 12Cilindri» modeliniň 1950-nji we 1960-njy ýyllaryň klassyky «Ferrari V12» ruhuny häzirki zaman aerodinamiki çözgütler bilen ajaýyp utgaşdyrýandygyny aýtdylar. Olar bu modelde nepisligiň we sport häsiýetiň sazlaşykly jemlenendigini aýratyn belläp geçdiler. Beýleki kategoriýalarda «Lotus Theory 1» konsept awtoulagy bilen Renault kompaniýasynyň dizaýn topary ýeňiş gazandy. Renault-yň topary ähli modelleriniň täsirli we innowasion stil dili bilen eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Ferrari bu ugurda indi bäşinji gezek ýeňiji bolýar. Ozal bu baýrak Ferrari-niň «Testarossa», «Roma», «296 GTB» we «Purosangue» modellerine hem berlipdi. «12Cilindri-niň» bu gezekki ýeňşi bolsa, häzirki döwrüň klassyky ruh bilen sazlaşýan täze dizaýna ýokary baha berýändigini ýene bir gezek tassyklaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir