2025-nji ýylda Mary welaýatynyň zähmetsöýer ýüpekçileri möwsümde 11 müň 227 guty gurçuk tohumyndan meýilnama boýunça 410 tonna piläni taýýarlamak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Olar ýüpek gurçuklarynyň idedilýän jaýynyň ýylylyk, çyglylyk derejesini kadaly saklap, tut ýapraklaryny arassa, ter görnüşde berip, ýokary hilli piläni almak ugrunda aladalanýarlar. Bu barada welaýat gazeti habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, Tagtabazar, Ýolöten, Baýramaly etraplarynyň tejribeli ýüpekçileri işlerini göwnejaý ýerine ýetirmekde aýratyn tapawutlanýarlar. Ýüpekçiler ýazyň ilkinji günlerinden başlap, gurçuk idediljek jaýlary möwsüme taýýar edip goýdular. Şeýle-de piläni köp taýýarlamagy maksat edinýän ýüpekçiler tut nahallarynyň ýüzlerçe düýbini oturtdylar, öňki bar bolan tut agaçlarynyň idegini ýetirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir