Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşyk geçirdi. Çarşenbe güni geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrligi habar berdi. Gepleşikleriň barşynda esasy üns iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň häzirki derejesine we ony artdyrmagyň mümkinçiliklerine gönükdirildi. Taraplar özara eksport edilýän harytlaryň görnüşlerini giňeltmek we ikitaraplaýyn söwdanyň täze ugurlaryny tapmak mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Duşuşykda iki ýurduň kärhanalarynyň Türkmenistanda we Belarusda geçirilýän sergi-ýarmarkalara we beýleki işewürlik çärelerine gatnaşmagy ara alnyp hem maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, bu çäreler işewürleriň arasynda gönüden-göni aragatnaşygy ýola goýmak, maýa goýum mümkinçiliklerini görkezmek we täze şertnamalary baglaşmak üçin möhüm platforma bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da, duşuşykda ikitaraplaýyn söwdanyň ösdürilmegine we telekeçilere goldaw bermäge gönükdirilen söwda öýleriniň işi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu düzümleriň işini has-da kämilleşdirmek we netijeliligini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň we Belarusyň bazarlarynda harytlaryň we hymatlaryň öňe ilerledilmegine ýardam eder. Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky gönüden-göni gatnaşyklary güýçlendirmek boýunça gyzyklanma bildirildi. Berk işewürlik gatnaşyklary ýola goýmak, bilelikdäki işewürlik forumlaryny geçirmek we pudaklaýyn konferensiýalara gatnaşmak söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam eder.