Porsche awtoulaglaryň podweskasyny sazlamakda emeli aň (AI) ulanýar. Ulgam amortizatorlardaky, sürüjiniň oturgyjyndaky, tekerdäki we kuzowdaky datçiklerden alnan maglumatlary seljerýär. Ol awtoulagyň näderejede amatly hereket edýändigini kesgitlemek bilen, titremelere we tizlenmelere baha berýär. "Adamlaryň rahatlyga bolan garaýyşlary dürli-dürli we şu ýerde AI-niň kömegi peýdaly bolup çykýar" – diýip, inžener Emmanuel Bogner belleýär. Onuň sözlerine görä, ulgam bir günlük okuwdan soň obýektiw netijeleri berip bilýär we birnäçe hepdeläp synag geçirmek we ara alyp maslahatlaşmak gerek bolmaýar. AI adamyň ornuny tutmaýar, ýöne podweskanyň deslapky sazlanyşynda kömek edýär. Geljekde Porsche has köp hünärmen goşmak we dürli ýol şertlerini göz öňünde tutmak bilen, algoritmiň okuwyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu awtoulagy sazlamagyň subýektiw meýdanynda AI-ni ulanmagyň ilkinji mysallaryndan biridir. Porsche adam tejribesinden ýüz öwürmezden, sanly tehnologiýa tarap barýar.