Microsoft korporasiýasy «AI Skills Fest» atly giň möçberli çäräniň başlandygyny mälim etdi. 50 gün dowam etjek çärede gatnaşyjylara emeli aň boýunça mugt okuwlar hödürlener. 2025-nji ýylyň 8-nji aprelinden 28-nji maýyna çenli aralykda göni ýaýlymda sapaklar, türgenleşikler, amatly görnüşdäki okuwlar we hakatonlar geçiriler. Gatnaşyjylar öz bilim derejesini ýokarlandyryp, Microsoft-a dünýä rekordyny goýmakda ýardam berip bilerler. Bu barada «MakeUseOf» habar berýär. Täze başlaýanlar üçin maşyn öwrenişi (machine learning) we tebigy dili işläp taýýarlamak (natural language processing) ýaly esasy düşünjeleri öz içine alýan giriş sapaklary göz öňünde tutulýar. Has tejribeli gatnaşyjylar bolsa çuňlaşdyrylan mowzuklar bilen tanşyp, emeli aň agentlerine esaslanýan çözgütleri işläp taýýarlamak boýunça hakatonlara gatnaşyp bilerler. Okuwlar 30-dan gowrak dilde elýeterli edilýär. Şeýle hem «AI Skills Fest» çäresiniň dowamynda, Microsoft 50 müň sany mugt sertifikatyň konkursyny geçirýär. Gatnaşmak üçin okuw wezipeleriniň birine başlap, ýüz tutma formasyny doldurmaly. Üstünlik gazanyp bilmedik gatnaşyjylar awtomatiki ýagdaýda indiki tapgyra geçirilýär, bu bolsa oýna gatnaşmagy has-da aňsatlaşdyrýar. Festiwalyň esasy wakalarynyň biri – «24 sagadyň dowamynda emeli aň boýunça onlaýn sapaklary tamamlan gatnaşyjylaryň iň köp sany» üçin Ginnesiň rekordyny goýmak synanyşygy bolar. Rekord synanyşygy marketing maksatly ýaly bolup görünse-de, gatnaşyjylar üçin örän peýdaly bolup biler. Emeli aň häzirki döwürde möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Microsoft ýaly dünýä belli tehnologiýa kompaniýasynyň hödürleýän mugt okuwlary başarnyklaryňyzy ösdürmek üçin ajaýyp mümkinçilik bolup biler. Okuwlara gatnaşmak üçin şu salgydan peýdalanyp bilersiňiz.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir