Gül Bakjasy (Oylanma) Gülü gowy görmeyan barmy, herkim öz elinde gül bolmasyny isleya. Elinde gülü bolanlary görüp senem arzuw edyan mende hem şeyle gül bolsady diyip. Kabirlerini görersin güle şeyle onat seretya ona gözün gider we seninde güllü bolmagy islegine hasam itergi berer. A kabirlerini görersin güllü bolupdyr yöne elindeki gülün gadyryny bilmez we ol güller idelmese solmak bilendi. Olarada sen gülüne eye çyksana diyesin gelya yöne muna gayrat barmy herkimde? Sende çykarsyn mana bir gül gerek diyip, girersin bir owadan güllü bakja. Aylanarsyn arasynda kawagt hem durarsyn sebabi gül kan. Haysy gül men nesibam diyip köp pikirlenersin. Bakjan aralarynda oturgyçlar bardyr bararsyn oturarsyn salym yarym. Aslynda nahili gül isleyandigin yazylgydyr yüreginde. Esasy yüregini okamakdyr, yüregini okanyndan son bilip bilersin sana nahili gül gerekdigini. Hawo menem yüregimi okadym we yene yola düşdüm gülümü gözlemane. Güllerin has gür yerine dogry yöredim we men yüregimdaki güle menzeş gülü tapdym. Tapmak dilde ansat, tapanym üçin uçup bilemok begenjimden. Ol gülü yolmadan şeyle syn etdim daş töweregime, saylan gülüp öz bolşyna beylekilere göre üytgeşikdi, terjedi, dikeni hem bardy. Name dikensiz gül bolmaz diyişleri yaly bu gülün hem dikeni elbet bardy. Men gülü yolayyn diyip karar berdim. Emma kararym özümde galdy, bakjan eyesi diydi ki bu gül sana layyk dal, bu gül başga birine layyk. Men bakjan eyesine garşy çykmak anyrda dursun muna hakym hem yok. Men dine bu gül mana layyk dal diymek bilen özümü köşeşdirdim, öz özünü köşeşdirmek belkide in kynydyr durmuşda. Son bakjadan çykdym, yene öz dumuşuma dowam etdim. Belkide yüregimdaki gül birgün önümden çykar diyip umyt bilen yaşayadym. Tazeden bakja gitmek islemdim, önümden gül çykynça çenli hem yüregimi hasam gowy okamana wagtym bolar diyip gezdim. Hawo mana mynasyp gül nirdeka diyen umyt hiç sönenokdy. Ynha birgünem öz yüregimde yasan güle menzeş gül önümden çykdy. Men gülü synladym emma yolmaly diyip karar berip bilemok çünkü bakjanyn eyesi men üçin haysy gül mynasypdygyny menden gowy bilyar. Hawo şu mana mynasyp gülmüka diyip daşyndan köp synlayan. Gül öran onatjady, yagyş damjalary gülden hünjü hünjü yaly bulduraşyp durlardy. Men ol gülü şuwagt özümçe belledim. Bu gül bilen men özümü bagtly duyjagyma ynanyan sebabi yüregimde yasan gülüm hem şunyn yaly güldü. Enşalla bakjanyn eyesinin “bu gül senin” diyjek gününe çenli umyt bilen garaşyan diyip yahs yigit oz arzuwyndan el uzenokdy

Köneler, jeyn91 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir