Volkswagen kompaniýasy Amarok modeliniň mirasdüşeri boljak täze pikap ulagynyň çykaryljakdygyny bildiriş etdi. Önümçilikişleri 2027-nji ýylda Argentinadaky Paçeko zawodynda başlar. Kompaniýa taslama 580 million dollar maýa goýar. Bu serişdeler modeliň işlenip taýýarlanylyşyna we önümçiliginiň täzelenmegine gönükdiriler. Zawod häzirki zaman enjamlaryny we sanly tehnologiýalary alar. Şeýle hem energiýany tygşytlamagyň çözgütleri hem ornaşdyrylar. Paçekoda 2010-njy ýyldan bäri 770 müňden gowrak Amarok öndürildi. Indi zawod täze model çykarmaga taýynlanýar. Pikap, esasan, ýerli bazaryň zerurlyklary göz öňünde tutulyp dörediler. Ol Volkswagen-iň 2030-njy ýyla çenli modelleri täzelemegi öz içine alýan geljekki strategiýasynyň bir bölegi bolar. VW 2027-nji ýyla çenli Ýewropada dokuz sany täze awtoulag çykarmagy meýilleşdirýär. Olaryň arasynda ID.2all we ID EVERY1 bar. Amarok-yň häzirki neslini halkara bazarlary üçin Günorta Afrikada ýygnamak dowam etdirilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir