Apple-yň paýnamalarynyň bahasynyň pese düşmegi, Microsoft-a dünýäniň iň gymmat kompaniýasy bolmaga mümkinçilik berdi. «CNBC-niň» maglumatlaryna görä, soňky dört söwda sessiýasynyň dowamynda Apple-yň paýnamalarynyň bahasy 23% pese düşdi. Bu ýagdaý kompaniýanyň bazardaky umumy bahasyny 2,59 trillion dollara çenli düşürdi. Şol bir wagtyň özünde, Microsoft-yň bahasy bolsa 2,64 trillion dollardy. ABŞ tarapyndan girizilen gümrük paçlary sebäpli, dünýä bazarynda pesel düşmeler dowam edýär. Mundan, esasan-da, önümçiligi Hytaýa bagly bolan kompaniýalar köp ejir çekýär – Apple hem şolaryň arasynda. UBS-iň analitikleriniň pikirine görä, girizilen nyrhlar ABŞ-da iPhone 16 Pro Max modeliniň bahasyny 350 dollar ýokarlandyryp biler. Mundan ozal Apple, Microsoft we Nvidia bazar gymmaty boýunça 3 trillion dollar çäginden geçen kompaniýalaryň arasyndady, emma olar häzir peseliş döwrüni başdan geçirýärler. Microsoft ýanwar aýynda girdejileri boýunça gowşak çaklamalary çap eden bolsa-da, geçen hepde Jefferies-iň analitikleri Microsoft-yň nyrhlaryň durnuksyzlygyndan iň az täsirlenjek kompaniýalaryň biri boljakdygyny belläp geçdiler. 2024-nji ýylyň başynda Microsoft bazar bahasy boýunça liderligini yzyna aldy, soň bolsa bu orny Apple-a berdi. Indi bolsa kompaniýa ýene birinji orna çykdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir