7-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sanly ulgam arkaly “Durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy ugry: ekologiýa bilimi we daşky gurşawy goramagyň häzirki zaman meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi. Halkara ylmy-amaly maslahata Türkmenistan bilen birlikde, Russiýa, Eýran, Türkiýe, Wengriýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Demirgazyk Makedoniýa, Polşa, Belgiýa, Rumyniýa, Hindistan, Pakistan, Ýaponiýa, Wýetnam, Koreýa Respublikasy, Belarus Respublikasy, Azerbaýjan, Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Nigeriýa, Alžir ýaly ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag institutlarynyň 74 sanysyndan jemi 180-den gowrak professor-mugallymlar we alymlar gatnaşdy. Halkara ylmy-amaly maslahatyň işi: “Ekologiýa bilimini ösdürmekde innowasiýa tehnologiýalarynyň orny”; “Suw we ýer baýlyklaryny rejeli peýdalanmagy dolandyrmagyň usullary”; “Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň we goramagyň esasy meseleleri” atly bölümlerde alnyp barylýar. 8-nji aprelde halkara ylmy-amaly maslahat öz işini dowam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir