Hyundai konserni Seoul Mobility Show sergisinde täzelenen «Ioniq 6» elektrosedanyny görkezdi. Bu model täzelenen daşky dizaýny we kämilleşdirilen interýeri bilen tapawutlanýar. Resmi maglumatlara görä, «Ioniq 6 N Line» modelinden soň, tiz wagtdan doly sport görnüşi – «Ioniq 6 N» hem hödürlener diýip, «Top Speed» neşiri habar berýär. Ilkinji suratlara görä, elektrokaryň daşky görnüşindäki esasy üýtgeşme täze yşyklandyryş ulgamy bilen baglanyşykly. Öňki adaty blok faralaryň deregine indi iki basgançakly faralar bar: «Ioniq 6-nyň» kapotynyň töwereginde piksel görnüşli gündizki çyralar peýda boldy, esasy yşyklar bolsa täzeden işlenip düzülen bamperiň içine ýerleşdirildi. Awtoulagyň yzky bölegi bilen baglanyşykly doly suratlar entek görkezilmedi, ýöne öndürijiler onuň aerodinamiki aýratynlyklarynyň has-da gowulaşandygyny aýdýarlar. Salon bilen baglanyşykly hem birnäçe üýtgeşme bar: mysal üçin, täze rul ornaşdyryldy. Mundan başga-da goşmaça funksiýalar üçin dolandyryş düwmeleri täze tertipde ýerleşdirildi we täze USB portlar goşuldy. «Ioniq 6 N Line» wersiýasy has agressiw görnüşli bamperleri we aýratyn dizaýndaky tigir diskleri bilen tapawutlanar. «Ioniq 6 N» bolsa häzirlikçe diňe bölekleýin görkezildi. Suratlarda guýrugy ýada salýan spoýleri, uly sport görnüşli arka ganaty we diffuzora meňzeş detallary göze ilýär. Çaklanylmagyna görä, bu elektrokar «Ioniq 5 N» modelindäki 650 at güýjüni öndürýän güýç ulgamy bilen enjamlaşdyrylar.