Similarweb hyzmaty ulanyjylaryň dürli web sahypalarda ortaça näçe wagtyny sarp edýändigi baradaky maglumatlary çap etdi. Reýting 2025-nji ýylyň fewral aýynda YouTube-yň bu görkeziji boýunça öňdebaryjy bolandygyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde iň köp girilýän çeşme Google gözleg programmasy bolmagynda galýar. Similarweb-iň berýän maglumatlaryna görä, YouTube-da bolmagyň ortaça dowamlylygy 20 minut 47 sekunt. Wideo platformasy sanawda uly aratapawut bilen öňde barýar. Deňeşdirmek üçin, ikinji ýerde durýan X sosial ulgamynda bu görkeziji 12 minut 37 sekunt bolup durýar. Reýtinge sosial ulgamlardan başlap, gözleg programmalaryna çenli dürli temaly saýtlar girdi. Aşakda iň meşhur 15 çeşme görkezilýär: № Saýt Kategoriýa Wagty min/sek Girende sahypasy Ret etmek 1 google.com Gözleg ulgamy 16:46 8.69 27.83 2 youtube.com Wideo we akym 20:47 13.55 20.57 3 facebook.com Sosial ulgamlar 10:59 13.42 29.59 4 instagram.com Sosial ulgamlar 08:41 13.33 32.9 5 x.com Sosial ulgamlar 12:37 12.90 30.44 6 whatsapp.com Sosial ulgamlar 12:26 3.83 55.76 7 chatgpt.com AI we işläp düzüjiler üçin soft 06:47 3.81 30.94 8 wikipedia.org Sözlükler we ensiklopediýalar 03:18 3.25 53.42 9 reddit.com Sosial ulgamlar 06:07 4.86 42.66 10 yahoo.com Habarlar neşirleri 07:43 5.51 35.66 11 yahoo.co.jp Habarlar neşirleri 08:54 7.34 32.31 12 yandex.ru Gözleg ulgamlary 08:48 8.57 26.95 13 amazon.com Elektron täjirçilik 05:51 8.94 33.37 14 tiktok.com Sosial ulgamlar 04:09 7.07 42.38 15 baidu.com Gözleg ulgamlary 05:35 8.55 22.93 Ret etmegiň görkezijisi (iňl. bounce rate) ulanyjynyň diňe bir sahypany görüp, soňra hiç hili amaly ýerine ýetirmän (meselem, salgylanma basman, aşaky sahypalara geçmän we ş.m.) sahypadan çykan gezekleriniň göterimini görkezýär. Başga sözler bilen aýdylanda: Eger bounce rate ýokary bolsa, ulanyjynyň gyzykly mazmun tapmandygyny ýa-da zerur maglumatlary çalt alandygyny we çykyp gidendigini aňladyp biler. Eger bounce rate pes bolsa, bu gatnaşygyň gowudygyny görkezýär - ulanyjy sahypa bilen aragatnaşyk saklaýar, sahypalary agdarýar, onda has köpräk eglenýär. Mysal üçin, iň gowy 15-likde YouTube-yň ret etmek görkezijisi iň pesi - 20.57%. Bu ulanyjylaryň köpüsiniň her sapar girende birden köp wideo tomaşa edýändigini aňladýar. Şol bir wagtyň özünde WhatsApp Web-iň görkezijisi iň ýokary - 55,76% boldy. Sebäbi ulanyjylar oňa, köplenç, diňe bir habara çalt jogap bermek ýa-da okamak üçin girýärler.