Samsung kompaniýasy Galaxy S25 Enterprise Edition flagman smartfonlarynyň operasion ulgamynyň täzelenmesini beýleki samartfonlardan has uzak wagtlap aljakdygyny habar berdi. Öndüriji Android 23-e çenli apdeýtleri we 2032-nji ýyla çenli howpsuzlyk patçilerini wada berýär. Bu barada Samsung Knox resmi saýtyna salgylanyp, GSMArena neşiri habar berýär. Enterprise Edition wersiýada Galaxy S25, Galaxy S25+ we Galaxy S25 Ultra modelleri OS täzelenmesini seriýanyň adaty wersiýalaryndan bir ýyl köp alar. Samsung şeýle möhletleriň brendiň smartfonlaryny durnuklylyga we howpsuzlyga baha berýän ulanyjylar üçin has özüne çekiji edýändigini belledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir