edmi brendi Buds 7S atly täze TWS nauşniklerini hödürledi. Bu aksessuaryň esasy aýratynlygy – işjeň galmagalyň sesini basmak (ANC) ýaly köp sanly funksiýalaryň arzan bahadan hödürlenmegidir. Bu barada «Gizmochina» habar berýär. Redmi Buds 7S nauşnikleri iki sany draýwer bilen enjamlaşdyrylandyr: biri 12,4 mm-lik titan bilen örtülen esasy, beýlekisi bolsa 5,5 mm-lik kömekçi. Nauşnikler mobil goşundynyň üsti bilen bäş sany taýýar ekwalaýzer sazlamasyny we SoundID aýratynlygyny goldaýar. Bu aýratynlyk gysgajyk synag arkaly ulanyjynyň ses isleglerini seljerýär we sesiň çykarylyşyny şoňa laýyklykda sazlaýar. Şeýle hem naşunik Xiaomi tarapyndan işlenip düzülen HRTF algoritmine esaslanýan giňişlikdäki ses (spatial audio) tehnologiýasyny hem goldaýar. Öndürijiniň aýtmagyna görä, bu tehnologiýa ulanyjyny kino, oýun ýa-da saz dünýäsi bilen çuňňur baglanyşdyrýar. Täze modelde üç tertipde işlemäge ukyply ANC funksiýasy hem bar: uýgunlaşýan, deňagramly we çuň. Jaň wagtynda-da bu ulgam işjeň bolýar: ol 9 m/sek çenli öwüsýän şemalyň sesini hem «kesip bilýär». Täze modeliň aýratynlyklarynyň arasynda, iki enjam bilen bir wagtda birikmek ukyby we 6,5 sagada çenli (zarýad gutusy bilen 32 sagada çenli) işleýän batareýasy bar. Brendiň maglumatlaryna görä, 10 minutlyk zarýad bilen nauşnikleri 2 sagat ulanyp bolar. Redmi Buds 7S eýýäm Hytaýda öňünden sargyt üçin elýeterli, bahasy 27 dollar. Beýleki ýurtlarda satuwa çykyp-çykmajakdygy barada entek maglumat ýok.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir