«Minecraft kinoda» filminiň ilkinji uik-enddäki girdejisi ABŞ-da 163 million dollara ýetdi. Bu Warner Bros. studiýasynyň taryhyndaky iň gowy üçünji netijedir. Film Greta Gerwigiň «Barbi» filminden hem has gowy netije gazandy. Tankytçylaryň seslenmeleri garyşyk boldy – Rotten Tomatoes-da oňa berlen synlaryň 53%-i oňyn boldy. Emma tomaşaçylar filmi tankytçylardan ýokary bahalandyrdylar. Wideooýunlaryň ekranlaşdyrmalary boýunça beýleki filmler bilen deňeşdirilende, film «Warkrafta» meňzeş, ýöne «Doganlar Super Mariodan» we «Sonik kinoda» trilogiýasyndan pes baha aldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir