Şwesiýanyň IKEA söwda tory özüniň adaty gurluşyndan ýüz öwrüp, dükan meýilnamasynda täzeçe usuly synap görmäge karar berdi. Mebel we bezeg önümleri bilen doldurylan, adamlar üçin azaşmak mümkinçiligi ýokary bolan uly dükanlaryň deregine, kompaniýa ähli sergi zallaryny we ammarlary öz içine alýan, 2 kilometr uzynlykdaky dar we göni bina taslamasyny taýýarlady. Bu barada «Dezeen» neşiri habar berýär. Täze taslama görä, uzyn we inçe dükan diňe bir gatdan ybarat bolar. Müşderiler dükanyň bir ujundan girip, göni ugur boýunça ähli sergi otaglarynyň, marketing bölüminiň, mebel hyzmat nokadynyň üstünden geçip, iň soňunda kassa ýetip bilerler. Binada ýörite trawolatorlar – tekiz eskalatorlar hem bolar, olar hereketi çaltlandyrar. IKEA-nyň meşhur iýmit zaly bolsa dükanyň merkezinde ýerleşer. IKEA çylşyrymly dükanlary bilen tanalýar. Köp adam bu ýagdaýyň müşderileri dükanda uzak saklaýandygyny, olaryň hem wagtyň geçmegi bilen has köp zat satyn alýandygyny, munuň bolsa IKEA-nyň üstünlikli strategiýasynyň bir bölegidigini aýdýar. Emma golaýda kompaniýanyň dükanlarynyň birinde bir müşderi dükan ýapylanyndan soň azaşypdyr. Ol nirä gitjegini bilmän, oýunjak ýylanlaryň sebedine girip, işgärler gelýänçä şol ýerde garaşypdyr. Belki-de IKEA täze gurluşa şol sebäpden geçmek isleýändir?! Iki kilometrlik dükan IKEA-nyň ilkinji täsin söwda nokady däl. 2024-nji ýylda şwed kompaniýasy Roblox oýnunyň içinde hem bir söwda nokadyny açypdy. Bu ýerde hakyky işgärler günde 8 sagatlyk iş bilen işe alnypdy we olara hakyky pul bilen hak tölenipdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir